Kerki etrap medeniýet bölüminiň guramagynda tanymal şahyr Ýaban Saparowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Watan waspçysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şahyryň dogan-garyndaşlary, obadaşlary we onuň şygyrlarynyň muşdaklary gatnaşdylar.
Çykyp geplemelerde tanymal şahyryň ýokary adamkärçilik sypatlarynyň, döredijilik dünýäsiniň özenini düzýän türkmen topragynyň gözellikleri, rysgal-berekedi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Gel, waspyň edeýin, dogduk Diýarym!», «Tebigat nagyşlary», «Amyderýa etýudlary», «Kenarda», «Jeýhun bilen söhbet», «Lebap» ýaly goşgulary barada bellenilip geçildi.
Döredijilik duşuşygynda Kerki etrap medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanylan konsert hem bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň kalbyny galkyndyrdy.
Kerkide şahyr Ýaban Saparowa bagyşlanan çäre geçirildi

07
May