Kerki etrabynyň pileçileri şu ýylyň pile möwsüminde ilkinji hasyly tabşyryp başladylar. Etrabyň Guwak geňeşliginiň ýaşaýjysy Bähargül Gurdowa 31 ýyldan bäri ýüpek gurçugyny idedip, pile tabşyrmakda ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Ol geçen ýyl maşgalasy bilen 250 gram ýüpek gurçugyny idedip, Watan harmanyna 620 kilogram pile tabşyrdy.
Tejribeli pileçi şu ýyl hem 250 gram ýüpek gurçugyny idedip, häzirki wagta çenli ilkinji hatarda 85 kilogram pile tabşyrdy. Bähargül Gurdowanyň aýtmagyna görä, entek hasyl kän, şonuň üçin bu görkezijiniň geçen ýyldan ýokary boljakdygyna doly ynam bar. Kerki etrabynda ýüpek gurçugyny idetmekde maşgala agzalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bähargül Gurdowanyň hojalygynda ýüpekçilik bilen birlikde 2 gektar gowaça meýdanynda hem ideg işleri alnyp barylýar. Geçen oba hojalyk ýylynda bu meýdanyň her gektaryndan 40 sentnerden, jemi 8 tonna gowaça hasyly alnypdyr.
Kerkide pile tabşyrylyp başlandy
01
May

