MEDENIÝET

Kerkide özbek dramaturgynyň eseri sahnalaşdyrylýar

Kerki etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň artistleri özbek dramaturgy Nabijan Kadyrowyň «Üç günlük dünýä» atly drama eserini sahnalaşdyrdylar. Doganlyk özbek halkynyň oba durmuşyndan söhbet açýan bu gülküli oýnuňilkinji görkezilişiniň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy sahna ussatlarynyň zähmetiniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Täze sahna eseri kerkili medeniýet işgärleriniň ildeşlerimize Täze ýyla, şeýle hem 2025-nji ýylyň dowamynda halkara derejesinde giňden belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: