YKDYSADYÝET

Kerkide oba hojalyk işgärleriniň okuw maslahaty geçirildi

Kerki etrabynyň «Azatlyk» we Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşikleriniň biokärhanalarynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda biokärhanalaryň we bioönümleriň ähmiýeti, bioönümleri öndürmek, olaryň köpeldilmegini we ýaýradylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň degişli hünärmenleri geçirdiler.
Okuw maslahatynda degişli hünärmenler çykyş etdiler. Bugdaý ekilen meýdanlarda biousullardan peýdalanmagyň ýollaryny, şeýle hem biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamagy giňişleýin düşündirdiler. Hormatly Prezidentimiziň topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, azyk önümleriň ähli görnüşiniň bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde biokärhanalaryň we bioönümleriň ähmiýeti barada hünärmenler iş tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar. Biokärhanalaryň zerur bolan serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözgütleri hakynda hem hünärmenler düşündiriş berdiler. Biokärhanalaryň işini täze derejelere çykarmak barada bu
okuw maslahatyna gatnaşýanlaryň pikirleri öwrenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: