Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesi we Kerki etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy” ady bilen Kerki etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 36-njy orta
mekdebinde orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda tanap çekmek
boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşa taýýarlykly gelen mugallymlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde Astanababa topary 1-nji orna, Daşlyk topary 2-nji orna, Hatap topary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan mugallymlara
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kerkide mugallymlaryň arasynda tanap çekmek boýunça ýaryş geçirildi
18
Apr

