SPORT WE SYÝAHAT

  Kerkide milli sport görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesi etrabyň bilim hem-de bedenterbiýe we sport bölümleri bilen bilelikde sportuň göreş, düzzüm, ýaglyga towusmak, küşt ýaly milli görnüşleri boýunça etrap ýaryşyny geçirmäge gatnaşdy. Ýaryş etrapdaky 2-nji sport mekdebinde geçirildi.

Milli göreş agram derejeleriniň 10-sy boýunça ýaýbaňlandyryldy. Düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijeleri bolsa olara gatnaşyjylaryň toplan utuklaryna laýyklykda kesgitlenildi.

Ýaryşyň iki tapgyrda geçirilendigini nygtamak gerek. Onuň birinji tapgyry edara-guramalaryň işgärleriniň arasynda geçirilip, onda ýeňiji bolanlar etrap tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şeýlelikde milli göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 48 kilograma çenli agram derejesinde Derkar Atamyradow, 52 kilograma çenli agram derejesinde Wepaly Seýidow, 57 kilogramda Begenç Ahmedow, 62 kilogramda Nowruz Bagtyýarow, 68 kilogramda Gurban Öwezow, 74 kilogramda Hojanazar Jumakow, 82 kilogramda Atageldi Joraýew, 90 kilogramda Jumageldi Joraýew, 100 kilogramda Begenç Hanmyradow, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde bolsa Erkin Joraýew ýeňiji boldular.

Ýaglyga towusmak boýunça geçirilen ýaryşda Myrat Ýazmyradow hemmelerden rüstem geldi. Düzzüm we küşt ýaryşlary bolsa erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirildi. Düzzümde Atajan Aşyrow bilen Aýna Kulyýewa, küştde bolsa Tagan Durdyýew bilen Akgül Jepbarowa dagy öňe saýlandy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: