Tomus möwsüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylary bilen gyzykly çäreler yzygiderli geçirilýär.
Muňa etrapdaky 1-nji we 2-nji orta mekdeplerde geçirilen çekeleşikli ýaryşlar hem mysal bolup biler. Ýeňiji bolmak, üstünlik gazanmak çaga kalbynda şatlyk döredýär. Ol çagalaryň sporta höwesiniň, gujur-gaýratynyň artmagyna hem itergi berýär.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.