MEDENIÝET

Kerkide mekdep okuwçylary üçin ýöriteleşdirilen gurnaklaryň 30-sy hereket edýär

Kerki etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde tikinçi-biçimçi, halyçylyk, çeper eller, milli nagyşlar, ülkäni öwreniş, tans, şaşkaçy, ýaş suratkeş, fotosuratçy ýaly gurnaklar bar. Çagalar bu gurnaklara uly gyzyklanma bilen gatnap, hünär başarnyklaryny ele alýarlar.
Gurnaklaryň 4-si çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde, 26-sy bolsa orta mekdepleriň binýadynda hereket edýär.
Sapaklaryň ýörite enjamlaşdyrylan otaglarda guralmagy we öňdebaryjy usullardan ýerlikli peýdalanylmagy okuwçylaryň her biriniň saýlap-seçen ugurlaryna gyzyklanmalaryny artdyryp, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmeklerine itergi berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: