Kerki etrap medeniýet öýünde şu etrapda önüp-ösen Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet
Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň saýrak bilbili» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Jemile Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Maral Kadyrowa dagy çykyş edip, zehinli aýdymçynyň sungata bagyşlan ömür ýoly, ussatlygy barada buýsanç bilen ýatladylar. Ol dünýä halklarynyň aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýewiň, Gözel Öwezowanyň, Kerki etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary Agamyrat Joraýewiň, Ogulkeýik Penjiýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Astanberdi Möwlamberdiýewiň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, aýdymçy Gözel Annahanowanyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary ýaňlandy.
Kerkide Medeniýet Şahberdiýewanyň ýubileý toýy bellenildi

26
Feb