YKDYSADYÝET

Kerkide maliýe işgärleriniň maslahaty geçirildi

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly Kerki etrabynda maliýe we ykdysadyýet ugrunda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda maslahat geçirdik.
Oňa etrap häkimliginiň we önümçilik kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanynyň 2024-nji ýylyň jemlerine we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça üstümizdäki ýylda öňde durýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşyndan ugur alyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek bilen bagly asylly işlere mynasyp goşant goşmagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.