JEMGYÝET

Kerkide kitaphanaçylaryň okuw maslahaty geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Kerki etrap merkezi kitaphanasynda okuw maslahaty geçirildi.

Bu maslahata şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň müdürleri, kitaphana şahamçalarynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar kitaphanalarda bitewi elektron katalogy döretmekligiň düýp maksady, okyjylara edilýän hyzmaty guramagyň tertibi, çäreleriň gurnalyşy we resminamalaryň talaba laýyk ýöredilişi barada pikir alyşdylar.

Bu ýerde  akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Osman Ödäýewiň öý muzeýine gezelenç gurnaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: