Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan eden Milli bahar baýramy mynasybetli ýurduň orta mekdeplerinde okaýan 8-12-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda geçirilýän «Iň uzyn saçly gyz – 2025» atly bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşikde okuwçy gyzlar 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ýaban Astanakulow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
hünärmeni Oýdin Aşirowa, etrabyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň mugallymy Azat
Muradow eminlik etdiler.
«Iň uzyn saçly gyz – 2025» atly bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyrynda birinji ornaetrabyň 8-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýna Durdymuradowa, ikinji orna etrabyň 23-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýlar Hudaýberdiýewa, üçünji orna etrabyň 13-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýjeren Merdanowa dagylar mynasyp boldular.
Bäslikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.
Kerkide iň uzyn saçly gyz kesgitlenildi

14
Mar