JEMGYÝET

Kerkide harby gullukçylar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýerli harby bölüminiň esgerleriniň arasynda
«Watan goragy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Kerki
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşyrowa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işgäri Döndi Ýusupowa hem-de harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça hünärmeni kapitan Baýram Mämmaýew çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: