YKDYSADYÝET

Kerkide galla oragyna 22 kombaýn gatnaşdyrylar

Kerki etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda öňde duran galla oragy üçin döwrebap kombaýnlaryň 22-si taýýarlanyldy.

Olaryň 20-si «John Deere W540», 2 sanysy hem «Сlaas TUСANO 430» kysymly kombaýnlar.

Üstümizdäki ýylda etrabyň babadaýhanlary 9400 gektar meýdanda bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler. Kombaýnlar 6 toparda ulanylar, olaryň hersine iki mehanizator berkidildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: