Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň ýaşaýjysy telekeçi Jemşit Babajanow 20 ýyl öň tikinçilik önümhanasynyň işini ýola goýdy. Önümhana häzirki wagtda şäheriň «Aýgül» bazarynyň çäginde ýerleşýär we bu ýerde dürli görnüşdäki egin-eşikler taýýarlanylýar.
Önümhanada döwrebap tikin enjamlary ulanylýar, tikin maşynlarynyň 16-sy bar. Bu ýerde keşdeçi-tikinçi Matluwa Rahymowa, halypa tikinçi Nasiba Hazratowa, ýaş tikinçiler Dünýägözel Babajanowa we Myrat Yhlasow zähmet çekýärler. Önümhanada sargytlar esasynda milli nagyşly köýnekler, mekdep lybaslary, ýörite geýimler hem-de döredijilik toparlary üçin milli egin-eşikler tikilýär.
Kerkide erkek kişiniň ýolbaşçylygyndaky tikinçilik önümhanasy 20 ýyldan bäri işläp gelýär
05
Feb
