Kerkide dokuz aýda 4,5 müň tonnadan gowrak çörek we çörek önümleri öndürildi
Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary çöregiň islegli görnüşleriniň ilatyň saçagynda bol bolmagyny gazanýarlar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly çörek we çörek önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar.
Çörek bişirijiler şu ýylyň dokuz aýynda çörek we çörek önümleriniň 4673 tonnasyny ilata ýetirdiler. Munuň özi pul hasabynda alanyňda, 8 million 689 müň 662 manatlyga deňdir.
Bu görkeziji iş meýilnamalarynyň aýba-aý artygy bilen berjaý edilendigini görkezýär.