Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebinde daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň hossarlarynyň
hem-de ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar” atly
wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Türkmenistanyň Dowlet Migrasiýa
Gullugynynyň Lebap welaýaty müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň işgäri Akmuhammet
Bäşimow we Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça
orunbasary Merdan Ýuldaşow çykyş etdiler.
Kerkide daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň hossarlary bilen duşuşyk geçirildi

14
Mar