Kerki etrap bilim bölüminiň düzen meýilnamasy esasynda täze ýylyň ilkinji günlerinde etrabyň 2-nji sport mekdebinde «Sport — saglyk, belent ruh» atly görkezme çykyşlary hem-de küşt, şaşka boýunça ýaryşlar guraldy. Şeýle-de, şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasa sarpa» atly söhbetdeşlik, etrap merkezi kitaphanasynda bolsa «Bedew bady bilen röwşen geljege tarap» atly aýdym-sazly dabara geçirilip, onda ýaş nesil ata Watanymyzy we bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary uly joşgun bilen okadylar.
Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy diňe bir sport we medeni çäreler bilen çäklenmän, eýsem şäheriň Täze ýyl arçasynyň töweregindäki şatlykly dabaralar bilen dowam edýär. Çagalar bu ýerde Aýazbaba we Garpamyk bilen gyzykly oýunlary oýnap, aýdym-tansly pursatlaryň hözirini görýärler. Täsirli wakalara baý bolan bu dynç alyş günleri ýene birnäçe günden okuw ýylynyň ikinji ýarymyna badalga berjek okuwçylaryň bilim dünýäsine täze güýç-kuwwat bilen dolanmaklaryna ýardam eder.
Kerkide çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmek üçin dürli çäreler geçirilýär
10
Jan
