BILIM

Kerkide çagalara fransuz dili öwredilýär

Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdepde daşary ýurt dillerini okatmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Mekdebiň iňlis we fransuz dilleri mugallymy Aýna Allakulowa ýokary synp okuwçylaryna goşmaça sapak geçirip, olary ders bäsleşiklerine taýýarlamaga gönükdirýär. Okuwçylaryň daşary ýurt dilinde erkin gürleýişleri, sowallara jogap berişleri onuň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Mugallym fransuz diliniň öwrenilmegine ýaşlaryň uly isleg
bildirýändigini aýdyp, olaryň höwesiniň özüne jogapkärçiligi has-da artdyrýandygyny belleýär.
Aýna Allakulowa 2015-nji ýylda Russiýanyň Naberežnyýe Çelny şäherindäki sosial-pedagogik tehnologiýalar we serişdeleri institutyny tamamlap, 2015-nji ýyldan bäri mekdepde işleýär. Ol döredijilikli mugallym hökmünde usuly-amaly maslahatlarda çykyş edýär, göreldeli sapaklary guraýar. 2023–2024-nji okuw ýylynda «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda üçünji orny eýeledi, birnäçe gezek Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara
mynasyp boldy.