YKDYSADYÝET

Kerkide bugdaý oragy tamamlandy

Kerki etrabynda gall oragy üstünlikli jemlendi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär. Etrabyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri zähmet ýeňşine uly goşant goşdular. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak baradaky Kararlaryndan ruhlanyp, 3190 tonnanyň ýerine 3449 tonna guşgursak bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrdylar.

Bugdaý ýetişdiren kärendeçileriň 130-synyň ählisi diýen ýaly şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdi. Kärendeçiler toparlarynyň 7-si meýilleşdirileninden hem has köp hasyly ýygnady. Güneş Weliýewiň, Artyk Hojagulyýewiň, Jumageldi Annageldiýewiň, Babaguly Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary ilkinjiler bolup pellehana geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: