JEMGYÝET

Kerkide boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Lebap welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Kerki etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-ynda Kerki şäheriniň
A.Nyýazow köçesiniň 7-nji jaýynda sagat 10.00-dan 12.00 aralygynda boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny
üpjün etmeklerini; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy
bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: