YKDYSADYÝET

Kerkide bir daýhan birleşigi galla borçnamasyny amal etdi

Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Öňdebaryjy hojalykda kärendeçileriň 470-si bugdaý ekdi. Olaryň yhlasly zähmetleri ýerine düşdi. Kärendeçileriň ählisi diýen ýaly şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Daýhan birleşiginiň başlygy kärendeçileriň 1850 tonnanyň deregine 2050 tonna bugdaý tabşyryp, zähmet üstünligini has-da berkidendiklerini, gallanyň galan böleginiň hem ýitgisiz ýygnaljakdygyny guwanç bilen aýdýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: