Kerki etrabynda ýetip gelýän galla oragynda 22 kombaýn işlediler. Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda bu tehnikalar abatlaýyşdan geçirilip, möwsüme doly taýýarlanyldy. Şu ýyl etrapda 9400 gektar meýdanda bugdaý ösdürilip ýetişdirildi. Gallaçylar bu meýdanlardan 20 müň 500 tonna hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmagy meýilleşdirýärler.
Kärhananyň merkezi ussahanasynda kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işlerinde abatlaýjylar Şükür Hudaýberdiýew, Muhammet Jumaýew, Bezirgen Mätekow dagy tapawutlandylar. Galla oragynda tejribeli kombaýnçylar Hudaýnazar Rejebow, Perman Döwletow, Yhlas Jummyýew, Rüstem Mätekow, Ýaraş Kulyýew dagy iş alyp bararlar. Maglumata görä, bu kombaýnçylaryň her biri öňki ýyllarda möwsümde 750 — 800 tonna çenli galla ýygnamagy başarypdy.
Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň başlygy Jumamyrat Ýediýewiň aýtmagyna görä, möwsümde esasy wezipe ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat.
Kerkide 20-den gowrak kombaýn bilen galla oragy geçiriler
25
May

