Telekeçi Batyr Rozyýewiň Kerki şäheriniň golaýyndaky 4 gektarlyk ýyladyşhanasyndan şu ýyl 800 tonndan gowrak hasyla garaşylýar.
Hususyýetçi 2021-nji ýylda Kerki şäheriniň golaýynda ýerleşýän 5 gektar ýeri özleşdirip, onuň 4 gektarynda ýyladyşhana gurdy. Ol bu ýerde pomidor ýetişdirýär.
Ýyladyşhanada işçileriň 30-a golaýy zähmet çekýär. Olaryň aladasyz işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Bu ýerde pomidoryň Gollandiýadan getirilen «Doufu-f1» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu görnüş hasyl berijiligi we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.
Onuň hasyly 115 — 125 günde ýetişýär. Her düýbi 8 — 10 kilograma çenli hasyl eçilýär. Netijede her ýyl 750 — 800 tonna aralygynda ýokary hilli pomidor hasylyny alnyp, içerki we daşarky bazarlara hödürlenilýär.
Kerkidäki ýyladyşhanadan 800 tonnadan gowrak pomidor hasylyna garaşylýar

10
Jan