MEDENIÝET

Kerkidäki tans topary dünýä halklarynyň tanslaryny taýýarlaýar

Kerkidäki tans topary dünýä halklarynyň tanslaryny taýýarlaýar
Kerki etrabyndaky 1-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ýyldyz» tans topary indi
ençeme ýyllardan bäri mekdebiň fortepiano mugallymy Irina Şuwalowanyň
ýolbaşçylygynda iri baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edip gelýär.
— Toparymyz bilen goýýan tanslarymyz ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk
dabaralaryna ýaş nesilleriň toý serpaýyna öwrülýär. Biziň toparymyzyň
tanslarynyň sanawynda meşhur «Küştdepdi», «Çapak» tanslary, şeýle hem
«Türkmenistanym meniň», «Joşgun», «Garjagazlar» ýaly täzeden işlenilen
tanslar bar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Kalinka», «Jaz for ýu» («Jazz
for you») atly rus we iňlis tanslaryny taýýarladyk. Bu biziň şanly baýramçylyga
mynasyp sowgadymyz bolar ― diýip, irina mugallym welaýat neşiriniň
habarçysyna gürrüň berdi.