MEDENIÝET

Kerkidäki muzeýde 1730-dan gowrak gymmatlyk saklanylýar

Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň döredilenine 45 ýyla golaý wagt boldy. Häzirki wagtda onuň gaznasynda 1730-dan gowrak gymmatlyk saklanylýar. Muzeý arheologiýa, etnografiýa, tebigat, sungat, Garaşsyzlyk eýýamy we beýleki bölümlerden ybarat.
Arheologiýa bölüminde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Omar, Sakar gala ýaly gadymy ýadygärliklerden tapylan gap-gaçlar, bezeg şaýlary, heýkeller we beýleki tapyndylar görkezilýär. Etnografiýa bölüminde bolsa gadymy türkmen durmuşyna degişli maglumatlar, durmuş wakalary, baýramçylyklar, oýunlar we milli gymmatlyklar bilen bagly eksponatlar ýerleşdirilipdir.