Kerkidäki mekdepde 1 gektarlyk bag ýetişdirilýär
Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň çäginde 1 gektara golaý meýdanda miweli baglar ösdürilip ýetişdirildi. Olar häzirki wagtda bol hasyl berýär.
Ondan ýylyň-ýylyna alynýan girdejiler mekdepde geçirilýän baýramçylyk çäreleridir abadanlaşdyryş işleri üçin sarp edilýär.
—Biz okuwçylaryň kömegi bilen mekdebimiziň bagyndaky okuw-tejribe meýdanynda miweli we saýaly agaç nahallaryny, bir we köpýyllyk gül nahallaryny ösdürip ýetişdirýäris. Bägülüň nahallaryny ekmek biziň üçin has amatly. Güýzde bägülleriň artykmaç çybyklaryny gyrkyp aýryp, ýere oturdýarys. Ýetişdiren nahallarymyzyň özümizden artygyny adamlara, edara-kärhanalara ýerleýäris. Häzir bagymyzda 1000 düýp saýaly, 200-e golaý miweli agaç nahallary, 150 düýp hem gül nahallary ýetişdirilýär — diýip, mekdebiň müdiri Allamyrat Töräýew welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.