Kerki etrabynyň mekdeplerinde hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Iýul aýynyň ahyryna çenli etrapda bar bolan mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ählisinde gowy hilli abatlaýyş we bejeriş işleri geçirildi.
Bu işde etrabyň Çekir geňeşliginde ýerleşýän 24-nji orta mekdepde öwgä mynasyp işler bitirildi. Bu bilim ojagynda ilkinjilerin biri bolup, mekdebi täze okuw ýylyna taýýarlamak işlerini üstünlikli tamamlandy.
Mekdepde 1400-den gowrak okuwçy bilim we terbiýe alýar, mugallymlaryň 88-si zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işini gowy bilýän bilim işgärleri.
— Her ýyl etrap häkimligi hem-de bilim işgärleriniň kärdeşler arkalyşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Biz ýylyň-ýylyna bäsleşikde öňdeligi eýeleýäris. Şu ýyl hem mekdebimizi täze okuw ýylyna gowy hilli taýýar etdik. Täze okuw ýylynda 1-nji synplara 120-den gowrak çaga okuwa gelmeli. Olary okatmaklygy tejribeli mugallymlara ynandyk. Täze okuwa geljek çagalary mekdep durmuşy bilen häzirden tanyşdyryp, taýýarlyk işlerini geçirýäris. Arassa we ýagty synp otaglarymyz çagalara garaşýar — diýip, mekdebiň müdiri Güýçgeldi Çaryýew welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.