Kerkidäki kärhanada şu ýyl 3,4 müň tonna pagta gaýtadan işlenildi
Kerki şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda geçen 2024-nji ýylda 5356 tonna pagtany arassalap, ondan 1585 tonna süýüm, 2813 tonna çigit, 165 tonna lint, 41 tonna ulýuk almagy
başardylar. Jemi geçen ýylda 10 million 415 müň 903 manatlyk iş edildi.
Kärhanada şu ýylyň iki aýy hem zähmet üstünlikleri bilen jemlenildi. Has takygy, ýanwar-fewral aýlarynda 3441 tonna pagta gaýtadan işlenildi. Şondan 794 tonna süýüm, 1375 tonna çigit, 67 tonna lint, 26 tonna ulýuk alyndy. Netijede edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 4 million 459 müň 515 manatlyga deň boldy.