YKDYSADYÝET

Kerkidäki kärhana täze salgyda hyzmat edýär

Kerkili hususyýetçi Samandar Mustapakulowyň ýolbaşçylygyndaky et we şöhlat önümleri önümhanasy täze binasynda işläp başlady. Önümçiligiň ýakynda göçüp baran täze binasy işleri has giň gerimde ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde 10-a golaý işgäriň zähmet çekmegi bilen, et we şöhlat önümleriň 11 görnüşi öndürilýär. Kärhanada öndürilýän «Sähra», «Abadan», «Daşrabat», «Hazar», «Bitaraplyk» atly önümler etrapdaky we welaýatymyzyň beýleki etrap-şäherlerindäki söwda merkezlerinde elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýär.

Kärhanada önümçilik bölüminden başga-da, gap-gaç ýuwujy otag, sowadyjy ammar, barlamhana hereket edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: