YKDYSADYÝET

Kerkidäki hususy kärhanada netijeli işler alnyp barylýar

Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän «Baýram» hususy kärhanasynda ilatyň islegine laýyklykda kerpiç öndürilip, elýeter bahadan satuwa goýberilýär.
 Bu hususy kärhana degişli bolan kerpiç zawody Osman Söhbetow adyndaky Astanababa şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde 2007-nji ýyldan bäri kerpiç öndürilýär.
 Zawod möwsümiň dowamynda 2 million 41 müň sany kerpiç öndürmäge niýetlenilen. Öndürýän önümleriň hiline aýratyn üns berlip, saýlanyp-seçilenden soň, içerki bazarlara hödürlenýär.
 Önümlere diňe Kerki etrabynyň däl, eýsem, Hojambaz, Halaç, Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylary hem uly isleg bildirýärler.