YKDYSADYÝET

Kerkidäki hojalykda pagtanyň bol hasyly ýetişdirilýär

Gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary has yhlaslylyk görkezýärler. Bu topara indi on bäş ýyldan bäri tejribeli ekerançy Atamyrat Atanyýazow ýolbaşçylyk edýär.

Şu ýylda topar boýunça 100 gektar meýdana gowaça ekildi. Şu wagta çenli gowaçalaryň hatar aralary 12 gezek bejerilip, 3 gezek dökün berildi we 3 gezek suwaryldy. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi hem ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirildi. Şu günler idegi kemsiz ýetirilýän gowaçalar köpçülikleýin hasyla durdular.

Pagtaçy kärendeçileriň gowaçaly pelleri göreniň göwnüni göterýär. Mähri Döwletowa, Akmuhammet Hallyýew, Baýmyrat Şamyradow, Şeker Azyzowa dagy hem ýylyň-ýylyna gowaçadyr bugdaýdan ýokary hasyl almagy başarýan kärendeçiler. Olar geçen möwsümde bugdaýly atyzlarynyň her gektaryndan 40-45 sentner hasyl aldylar. Kärende ýerindäki gowaçalaryň boýuny, hasyllylygyny synlanyňda hem bu ussat kärendeçileriň öňde goýan maksatlaryna abraý bilen ýetjekdiklerine ynamyň artýar.