Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde hem bagçylygy ösdürmeklige uly üns berilýär. Hojalykda ekerançylyk meýdanlarynyň 96,19 gektaryny miweli baglar tutýar. Şonuň 18 gektary bolsa üzümçilik.
Hojalykda kärendeçi bagbanlaryň 110-sy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem bu ugurdan köp ýyllyk iş tejribesi bolan bagbanlardyr. Olar özlerine berkidilen baglara eýeçilik gözi bilen seredip, oňat garaşyk edýärler. Aýratyn-da, Aýna Abdyllaýewa, Jemal Rozyýewa, Bahar Salyhowa, Daýanç Döwletow dagy öz işine ussat bagbanlar hasaplanylýar.
