Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigi ýurtda ilkinjileriň hatarynda bugdaý tabşyrmak boýunça meýilnamasyny berjaý etmäge ýakyn geldi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
― Geçen ýyl hem daýhan birleşigimiz boýunça galla tabşyrmak baradaky meýilnamamyzy 103 göterim ýerine ýetirdik. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hojalygymyz boýunça kärendeçileriň 501-si 1587 gektar meýdanda bugdaý hasylyny ýetişdirdi ― diýip, daýhan birleşigiň başlygy neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.
Agzybirlikli çekilýän zähmet, ýetişdirilen bol hasyl daýhan birleşiginiň edermen gallaçylarynyň bugdaý ekilen 1587 gektar meýdandan meýilnamada görkezilen 3970 tonna derek 4000 tonna däne hasylyny tabşyrmak baradaky öňde goýan maksatlarynyň amala aşjakdygyna ynam döredýär.
Kerkidäki hojalyk galla borçnamasyny amal etmäge ýakyn geldi

14
Jun