Kerkidäki hojalyga 1000 gektardan gowrak gowaça ekilýär
Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary gowaça ekişini
gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar 2025-nji ýylda 1095 gektar meýdana gowaça ekýärler.
Daýhan birleşiginiň Atamyrat Atanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky 5-nji kärendeçiler toparyna
degişli meýdanda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlary
Ahmet Maksimow, Sylap Şaýmerdankulow topraga bereket tohumyny sepýärler.
― Hojalygymyz boýunça kärendeçi pagtaçylaryň 187-si bar. Kärendeçileriň köpüsi ekişi
eýýäm tamamlady. Şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-39» görnüşiniň tohumyny ekýäris. Bu
görnüşiň hasyly ir ýetişýär, hasyllylygy hem, süýüminiň hili hem ýokary bolýar. Nesip bolsa,
meýilleşdiren 2565 tonna «ak altynymyzy» artygy bilen ýygnarys — diýip, daýhan birleşiginiň
baş agronomy Akmyrat Halmyradow welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.