Kerki etrabyndaky «Lälezar» toý mekanynda bahar paslynyň gelmegi we Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň ýerli edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäre enelere we zenanlara goýulýan hormatyň dabaralanmagyna bagyşlandy.
Dabarada aýdym-saz çykyşlary, milli öwüşginli folklor çykyşlary hem-de bahar paslyny, zenanlaryň mertebesini wasp edýän şygyrlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de zenanlaryň el işleriniň sergisi guralyp, gelin-gyzlaryň ýerine ýetirmeginde üme dessurlary görkezildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Kerkidäki dabara zenanlara bagyşlandy
10
Mar

