YKDYSADYÝET

Kerkidäki 120 gektardan gowrak baglykda bol hasyl ýetişdirildi

Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde 110 gektar miweli, 11 gektar hem üzüm baglary bar. Olar tejribeli bagbanlaryň 115-sine kärendesine berlipdir. Bagbanlar özlerine berkidilen baglara göwnejaý garaşyk edip, ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar.
Tejribeli bagbanlaryň arasynda Rozymyrat Gurdowyň ady hem guwanç bilen tutulýar. Onuň 3 gektar meýdanda miweli bagy bar. Ol hojalykda iň ýaş bagbanlaryň biri.
Bagy 2001-nji ýylda onuň atasy Akmyrat Gurdow ýetişdiripdir. Rozymyrat:
— Bagbançylyk bilen gyzyklanmagyma atam sebäp boldy. Ol bagbançylyga ýürekden berlen adamdy. Menem ondan bag ýetişdirmegiň syrlaryny öwrendim — diýip, gürrüň berýär.