MEDENIÝET

Kerki şäherinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň hem-de taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini bilelikde guramaklarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi işläp başlady. Kerki etrap häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary onuň ilkinji myhmanlary boldular.

Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli eşikler, haly we haly önümleri, gadymy döwürde ulanylan zähmet gurallary, hojalykda ulanylan gap-gaçlar we beýlekiler goýuldy. Nowruz baýramyny, onuň garşylanyşyny şöhlelendirýän, etrapda hereket edýän estrada we folklor toparlarynyň Milli bahar baýramy mynasybetli eden çykyşlary, milli tagamlaryň taýýarlanylyşy görkezilýän suratlar hem sergide aýratyn orun eýeleýärleer. Şaý-sepleriniň suratlarynyň aşagynda bolsa olar barada maglumatlary jemleýän ýazgylar goýuldy.

Şu günler muzeýde guralan sergi bilen etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylary, Kerki zäherine gezelenje, iş bilen gelen myhmanlar tanyşýarlar. Ol 27 marta çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: