Kerki şäheriniň döwlet arhiwinde milli mirasymyza degişli resminamalaryň toplanylmagy, abat saklanylmagy, hasaba alynmagy we peýdalanylmagy ugrunda maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle-de sebitiň kärhanalarynda hem-de edaralarynda arhiw işiniň ýöredilişine gözegçilik edilip, usuly kömek berilýär. Tas bir asyrdan bäri hereket edýän bu arhiwde häzirki wagtda 186 gazna bolup, onda 25 müňden gowrak saklanyş birligi jemlenendir. Şeýle hem umumy döwlet arhiwleriniň aýawhanalarynda 94 müňden gowrak resminama ygtybarly saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Şeýlelikde, arhiw ulgamy yzygiderli ösdürilýär, maglumatlaryň elýeterliligi giňeldilýär. Kerki şäheriniň döwlet arhiwiniň gaznalaryndan alymlar, aspirantlar, talyplar we mirasgärler işjeň peýdalanýarlar.
Kerki şäherindäki arhiwde gymmatly resminamalaryň 94 müňden gowragy saklanylýar
20
Nov
