Kerki hem-de Köýtendag etraplarynda ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili ýokarlandy
Ähli ugurlar bilen birlikde ulag we aragatnaşyk pudagynda hem ýokary netijeler gazanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda “Lebapawtoulag” önümçilik birleşigine Ýaponiýanyň önümi bolan “Toyota Coaster” kysymly orta synply, “Toyota Hiace” kysymly awtobuslaryň getirilip, şäherara gatnawynyň ýola goýulmagy ilaty has-da buýsandyrdy.
Önümçilik birleşiginiň Kerki hem-de Köýtendag etraplaryna degişli 9-njy, 10-njy, 11-nji, 12-nji awtokolonnalarynyň hasabyna täze awtobuslaryň 40-dan gowragy ýolagçylara göwnejaý hyzmat edýär.
Şu günler ýokary amatlylykly ulaglar welaýatyň ýaşaýjylaryny şäherara we şäherýaka ugurlarynda ir ertirden giçlige çenli gatnadýarlar.
Täze awtobuslar Arslan Arslanow, Jumakul Nazyrow, Nurgeldi Söýekow, Babakul Haýdarow ýaly köpýyllyk iş tejribeleri bolan sürüjilere ynanyldy.