JEMGYÝET

Kerki etrap çörek kärhanasynda duşuşyk geçirildi

Kerki etrap çörek kärhanasynda «Halal zähmet — bagtyýar geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guran çäresine kärhananyň hünärmenleri we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler Türkmenistanda zähmete goýulýan hormat, her bir adamyň iş ýerinde wezipe borçlaryny bellenilen düzgünlere laýyk ýerine ýetirmegiň üstünliklere getirýändigi barada gürrüň etdiler. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çärä gatnaşyjylaryň ünsüni arassa zähmetiň hemişe abraý getirýändigine çekdiler we tapawutlanan hünärmenlere döwlet tarapyndan ýokary baha berilýändigini bellediler. Mysal hökmünde etrapda döwlet sylaglary bilen sylaglanylan zähmetkeşleriň atlaryny tutdular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: