Astananbaba şäherçesiniň ýaşaýjysy Akmyrat Razykow indi köp ýyldan bäri itşynaşlyk bilen meşgullanýar.
Akmyrat itşynaslyk bilen çagalykdan gyzyklanyp başlady. Häzirki wagtda onuň 2 sany alabaý iti bar. Olaryň biri 4 ýaşynda, beýlekisi 3 ýaşynda.
— Obamyzda menden başga-da itşynaşlaryň birnäçesi bar. Aşyr Ýazdurdyýew, Baýram Muhammedow, Annageldi Abdykerimow ýaly itşynaslar bilen mydama maslahatlaşyp durýarys. Men agtygym Ýazberdä hem itşynaslyk käriniň inçe syrlaryny öwredýärin. Geljekde alabaý itlerimiň sanyny köpeltmegi göz öňünde tutýaryn — diýip, itşynaş Akmyrat Razykow welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.
Kerki etrabynyň ýaşaýjysy çagalygyndan bäri itşynaslyk bilen meşgullanýar
23
Oct
