Kerki demir ýol menzili geçen ýyl 7 müňden gowrak ýolagça hyzmat etdi
Geçen 2024-nji ýylda Kerki demirýol menzili tarapyndan 4 müň 870 wagon ýük daşaldy. Şeýle-de bu döwürde ýedi müňden gowrak ýolagça hyzmat edildi.
Bu menzil 1999-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda işe başlady. Şu ýyl 25 ýaşaýan demirýol menzili jemi üç bölümden ybaratdyr. Kerki şäherinde ýerleşýän bu menzilde häzirki günlerde tejribeli hünärmenleriň 40-a golaýy yhlasly zähmet çekýär.