YKDYSADYÝET

«Kemal kesp» hususy kärhanasynda beton önümleriniň öndürilişi artdy

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende «Kemal kesp» hususy kärhanasynda demir beton önümleriniň we harytlyk betonyň öndürilişi görnetin artdy. Ýarym ýylyň dowamynda kärhanada 4,2 müň kub metre ýakyn demir beton önümleri öndürildi. Geçen ýyl bu görkeziji 1,6 müň kub metre barabardy.

Bu ýerde harytlyk betony hem taýýarlaýarlar. Ýylyň başyndan bäri bu önümiň 4 müň kub metre ýakyny ulanyjylara iberildi. Bu geçen ýylyň degişli döwündäkisinden 2,8 müň kub metre ýakyn köpdür.

Türkmenabat şäherinde gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu önümlere bolan islegiň ýokary bolmagynda galmagyny şertlendirýär. Bu bolsa, öz gezeginde gurluşyk materiallaryny çykarýan kärhanalaryny önümçiligiň depginini ýokarlandyrmaga itergi berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: