Käte agyr başlan günler garaşylmadyk şowlulyga ulaşaýýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa Ştatynyň Henriko şäheriniň ýaşaýjysy Olga Ritçi bilen bagly hem şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Ähli zat onuň kellesiniň agyrmagyndan başlady…
«Times Now» neşiriniň ýazmagyna görä, Olga Ritçi 22-nji iýunda özüni juda erbet duýdy, güýçli kellesi agyrdy. Üstesine-de öýden hem hiç hili agyry kesiji derman tapmady. Onsoň ol bialaç golaýdaky dermanaha çykyp, derman almaga gitmeli boldy. Oňa dermany gapdalynyň utuşly petegi bilen bile berdiler.
Öýne gelen Olga birbada gözlerine ynanmady. Oňa berlen petek 500 müň dollar utupdy. Şeýlelikde, kelleagyrynyň dermanyny gözläp daş çykan zenan sähelçe salymda ýarym million dollar gazandy oturyberdi.