Keçe taýýarlamak boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçäniň nusgalaryny taýýarlamak boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinde we etraplarda geçirilen tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Hojambaz etrabynyň ýaşaýjylary Maýsa Rahmedowa, Maýsa Saparowa birinji, Saýat etrabynyň ýaşaýjylary Öwezgül Agajanowa, Şirin Akyýewa, Aýgül Jumaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar. Döwletli etabynyň ýaşaýjylary Gülkamar Hemaraýewa, Sülgün Kuwatowa, Bibinar Çaryýewa dagylar bolsa üçünji oruny eýelediler. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.