«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky baş agenti aprel — maý aýlary üçin Kazan — Aşgabat ugrunda awiabiletleriň bahasynyň arzanladylandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda Kazan bilen Aşgabat şäherleriniň arasynda uçar gatnawlary hepdede bäş gezek — duşenbe, sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar. Bu ugur ýolagçylar üçin iň işjeň halkara gatnawlaryň biri hasaplanýar.
Bellenilişi ýaly, nyrhlaryň peseldilmegi howa gatnawlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýolagçy islegini has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle ýeňillikler syýahat etmek isleýänler üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Awiabiletleri Russiýa Federasiýasyndaky awiakompaniýanyň baş agentiniň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Sankt-Peterburg we Kazan şäherlerindäki satuw ofislerinden satyn alyp bolýar.
Kazana awiabilet arzanlady
15
Apr

