MEDENIÝET

Kazan kinofestiwalynda türkmen filmleri görkeziler

Şu ýylyň 5-9-njy sentýarby aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda “Altyn minbar” XXI Kazan halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanda surata düşürilen çeper filmleriň hem görkezilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu festiwalda türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi bilen özbek režissýory Muzaffarhon Erkinow ýolbaşçylygynda türkmen-özbek kinoçylarynyň bilelikde düşüren «Magtymguly Pyragy» çeper filmi kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetiriler.
“Altyn minbar” film festiwalynyň Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldanýan film taslamalarynyň sanawyna goşulandygyny bellemelidiris. Kinofestiwaly Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň goldawy  bilen geçirilýär.