SPORT WE SYÝAHAT

Kazan GDA-nyň ilkinji sport oýunlaryny kabul eder

Şu ýylyň 4 – 11-nji sentýabry aralygynda Kazanda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň ilkinji oýunlary geçiriler. Bu barada «Türkmenaitan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şu güne çenli Oýunlara iki müňden gowrak gatnaşyjynyň islegi yglan edildi, şolardan 1500-e golaýy Azerbaýjanly, Ermenistanly, Belarusly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Moldowaly, Russiýaly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Özbegistanly (14 – 23 ýaş aralygyndaky) sportçudyr — diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň resmi websaýty habar berýär. Baş maksady halklaryň arasynda däp bolup gelýän dostlukly gatnaşyklary berkitmek bolan Oýunlary geçirmek pikiri üç ýyl ozal Duşanbe şäherinde Döwlet baştutanlary Geňeşiniň mejlisinde makullanypdy. Türkmen sportçulary yglan edilen 16 sport görnüşinden 10-syna: köçe topuna, boksa, guşak göreşine, dzýudo, karatä, kureşe, ok atmaga, sambo, sport göreşine we taý boksuna gatnaşarlar. Häzirki wagtda biziň türgenlerimiz we olaryň tälimçileri aldygyna Oýunlara taýýarlyk görýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: