SPORT WE SYÝAHAT

Katarda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionatynda «Adidas» kompaniýasynyň pökgisinde oýnarlar

 Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň pökgisini görkezdi. Bu barada FIFA-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «ТАСС» habar berýär.

Ony ozal geçirilen dünýä çempionatlarynyň 13-ine pökgi taýýarlan «Adidas» kompaniýasy taýýarlapdyr. Pökgi «Al Rihla» («syýahat» diýip terjime edilýär) diýlip atlandyrylýar. Pökgi ýylyň dowamynda çempionatyň oýunlary geçiriljek şäherlerinde, şonuň ýaly-da bütin dünýäniň on şäherinde görkeziler.

Dünýä çempionatynyň bije atyşlygy 1-nji aprelde geçiriler. Onda oýnajak 32 toparyň 27-si eýýäm malim. Düýnä çempionaty Katarda 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: